Şu ýyl Lebapda ýedi sany köpgatly ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi
Türkmen telekeçileri şu ýylyň ilkinji günlerinden billerini berk guşap, gurluşyklaryň depginini has-da güýçlendirdiler. Bu hem öz ajaýyp miwesini berdi. Türkmen telekeçileri şu ýylyň geçen sekiz aýynda 128 binadyr desgany gurup ulanmaga taýýar etdiler. Olaryň 90-sy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarydyr.
Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynda gurlan binalardyr desgalar hem bar. Anyk mysallara ýüzlensek, «Gaýratly dost» hususy kärhanasy Lebap welaýatynda 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Mizemez gadam» hususy kärhanasy 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Maksatly hyzmat» hususy kärhanasy 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bolsa 1 sany 4 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanyşa tabşyrdy.
Şeýle hem Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde gurlan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň önümleri islegli harytlaryň hatarynda tanalýar.