YKDYSADYÝET

Şu ýyl Lebapda gowaçanyň bäş görnüşi ekiler

Düýn ― 26-njy martda Lebap welaýatynda gowaça ekişine girişildi. Welaýatyň babadaýhanlary şu ýyl hem 130 müň gektar meýdanda gowaça hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler.
Ýaz ekişinde 66562 gektara gowaçanyň «S-2006», 41812 gektara «Ýolöten-39», 19924 gektara «Ýolöten -7», 754 gektara «Ýolöten-53», 948 gektar meýdana bolsa «Garaşsyzlyk-30» görnüşlerini ekmegi meýilleşdirdiler. Kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi hem ýokary derejede guraldy. Welaýatymyzdaky pagta arassalaýjy kärhanalar tarapyndan ekiş üçin zerur bolan tohumlyk çigidiň 13, 2 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy.