YKDYSADYÝET

Şu ýyl Lebapda 6,8 milliard manatlyk senagat önümleri öndürildi

Şu ýylyň geçen dört aýynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 6 milliard 821,5 million manatlyga barabar boldy.

Onuň 1 milliard 982,3 million manatlygy bolsa döwlete dahylly kärhanalara degişlidir.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň ýokary artyş depginleri elektrik energetika, maşyn gurluşygy, metaly işläp bejeriji, himiýa we azyk senagatlarynda emele geldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: