YKDYSADYÝET

Şu ýyl Lebap welaýatynda 1010 tonna pile öndüriler

Lebap welaýatynyň ýolbaşçylygynyň öňünde 1010 tonna pile öndürmegi üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2022-nji ýylda 2300 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Onuň 300 tonnasy Ahal welaýatynda, 50 tonnasy Balkan welaýatynda, 500 tonnasy Daşoguz welaýatynda, 1010 tonna Lebap welaýatynda, 440 tonnasy Mary welaýatynda öndüriler.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlaryň häkimliklerine Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: