DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şu ýyl dünýäniň iň ýyndam ýolagçy uçary hyzmat edip başlar

Kanadaly Bombardier kompaniýasy täze «Global 8000» biznes-jetini tanyşdyrdy. 2025-nji
ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji gezek asmana göteriljek «Global 8000» uçarynyň dünýäniň iň
çalt seriýaly biznes-jeti bolmagyna we örän uzak aralyga uçmagyna garaşylýar diýip,
«Interesting Engineering» neşiri habar berýär.
«Global 8000» biznes-jeti sagatda 1152 kilometr tizlikde, 12,5 müň metr belentlikden
uçmaga ukyply bolar. Uçuş aralygy bolsa 14 müň 816 kilometre ýeter. Şeýle tehniki
mümkinçiliklerine garamazdan, bu uçar diňe 19 ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen, ýagny
köpçülikleýin ulanmak üçin döredilen däldir.
Şeýle-de uçar ýokary derejede enjamlaşdyrylar: onuň içinde dört sany ýaşaýyş bölümi, iki
sany hammam we uçaryň işgärleri üçin dynç alyş ýeri bolar. Esasy lýuks otagda bolsa düşek
we goşmaça duş hem ýerleşdiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: