Şu hepdede ýene ýagyş ýagar
Şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Bu barada Gidrometeorologiýa baradaky gullugy tarapyndan «Türkmenistan» gazetinde berlen bildiirşde aýdylýar.
Welaýatda günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser.
Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21… +26 gradusdan +29… +34 gradus aralygynda maýyl bolar.