JEMGYÝET

Şu gün Türkmenistanyň energetika pudagynyň işgärleriniň arasynda bäsleşik başlandy

Şu gün «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň binýadynda energetika işgärleriniň arasynda bäsleşik başlandy.

Ol Türkmenistanyň Energetika ministrligi we pudaklaýyn kardeşler arkalaşygy tarapyndan yglan edildi. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan energetika pudagynyň işgärleri gatnaşýarlar. «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda onuň açylyş dabarasy boldy. Onda Onda pudagyň işgärleri, weteranlary, şonuň ýaly-da sungat işgärleri çykyş etdiler.

Dört günläp dowam etjek bäsleşikde energetika pudagynyň iň gowy işgärleri ýüze çykarylar. Olar özleriniň nazary bilimlerini we dürli ýagdaýlarda çalt we dogry çözgüt tapyp, olardan baş alyp çykmagy başarmak ukyplaryny görkezerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: