MEDENIÝET

Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär

 Şu gün bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Oraza baýramy bellenilýär.

Remezan aýynyň tamamlanmagy, Baýram aýynyň başlanmagy mynasybetli däp-dessurlar berjaý edildi. Ertir irden welaýatymyzdaky ähli metjitlerde baýram namazy okaldy.

Soňra adamlar öten-geçenlerini ýatlamak üçin gonamçylyklara bardylar, bu ýerde hem aýat okadylar we ýagşy niýetleri etdiler, sadaka berdiler. Baýramçylyk güni gadymdan gelýän däp-dessurlar berjaý edildi, öýlerde dürli tagamlar taýýarlanylyp, biri-biriniňkä myhmançylyga bardylar, duz-tagam datdylar. Erkek kişiler golaýda dünýäden ötenleriň öýlerine aýlanyp, duz-çörek dadyp, aýat-töwir okadylar, belanyň yzynyň kesilmegini dileg etdiler.

Oraza baýramynyň öň ýanynda gonamçylyklarda arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: