SYÝASAT

Şu gün Türkmenabatdan Pakistana ynsanperwer ýükli uçar uçdy

Şu gün Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Pakistana «Il-76» kysymly ýük uçary tebigy heläkçilikden ejir çekenler üçin toplanan ynsanperwer ýük bilen uçdy.

Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasyna derman we derman serişdelerini, senagat we azyk harytlaryny ugratdy.

Ýük Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda ugradyldy. Onda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli ýüki toplamaga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa ony ugratmagy guramaga borçly edilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: