Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Şu gün Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar

Jul 23, 2021

Şu gün Ýaponiýnyň paýtagty Tokioda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar.
Oýunlar 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla geçirilenligi bilen taryha girerler. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ozal beýle ýagdaý bolmandy. Ýöne olar öňki ady — «Tokio — 2020» —galdyryldy.
Olimpiadanyň ýene bir aýratynlygy — olam, oňa daşary ýurtly tomaşaçylaryň gatnaşmaýandygydyr. Bu çäre koronawirus pandemiýasynyň ýaýraýandygy bilen baglanyşykly görüldi.
Öňde duran oýunlarda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumyny almak ugrunda ýaryşlar guralar. Bu Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medaldyr.
Türkmenistandan Olimpiada dokuz türgen gatnaşar.

Hojamuhammet TOÝÇYÝEW
(agyr atletika, 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde).

Kristina ŞERMETOWA
(agyr atletika, 55 kilograma çenli agram derejesinde).

Rejepbaý REJEBOW
(agyr atletika, 81 kilograma çenli agram derejesinde).

Polina GURÝEWA
(agyr atletika, 59 kilograma çenli agram derejesinde).

Öwez ÖWEZOW
(agyr atletika, 109 kilograma çenli agram derejesinde).

Mergen MÄMMEDOW
(ýeňil atletika, ýekedaban zyňmak).

Merdan ATAÝEW
(suwda ýüzmek, 100 we 200 metr aralyga, arkanlygyna).

Darýa SEMÝONOWA
(suwda ýüzmek, 100 metr aralyga, bras usulynda).

Gülbadam BABAMURADOWA
(dzýudo, 52 kilograma çeni agram derejesinde).

Adblock
detector