JEMGYÝET

Şu gün Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlary açylar

Şu gün Pekinde gyşky XXIV Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. Ol pekin wagty bilen 20.00-da (aşgabat wagty bilen 17.00-da) başlanar. Şeýlelikde, Hytaý özünde hem tomusky, hem gyşky Olimpiadalary kabul eden ýurt bolar. 2008-nji ýylda bu ýerde tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilipdi.

2022-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy «Guş höwürtgesi» ady bilen meşhur bolan Pekiniň milli stadionynda geçiriler. Oňa döwletleriň ýolbaşçylary çagyryldy.

Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary bu ýyl «Together for a Shared Future» («Bilelikde umumy geljegiň hatyrasyna») diýen sygar astynda geçiriler. Guramaçylyk komiteti bu şygar boýunça teklipleri 2020-nji ýylda bäş aýyň dowamynda — maýdan sentýabra çenli ýygnady.

Olimpiadanyň nyşanyny nakgaş zenan Lin Sunçžen döretdi. Oňa däp bolan we häzirki zaman hytaý medeniýetiniň elementleri ýerleşdirmegi, sportuň gyşky görnüşlerine bolan söýgini beýan etmegi başarypdyr.

Olimpiadanyň posterleri gyşky Olimpiýa oýunlarynyň dürli elementlerini suratlandyrýarlar. Olar Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti tarapyndan yglan edilen bäsleşige iberilen 1500-den gowrak suratlaryň arasyndan saýlanylyp alyndy. Oňa dizaýner guramalary, dizaýnyň professionallary, mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.

Bu ýyl koronawirusyň pandemiýasy sebäpli Olimpiýa gatnaşyjylara aýratyn talap bildirilýär. Türgenler we beýleki gatnaşyjylar Hytaýyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryndan izolirlenen ýerde ýaşarlar, olara bellenen ýerlerini taşlap gitmek bolmaýar. Olaryň hemmesi hem kornawirusa test tabşyrdylar. Kimde test položitel netije berenleri bolsa ýaşaýan ýurduna yzyna iberdiler.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy sanitar kadalarynyň ählisini berjaý etmek arkaly geçiriler.