BILIM

Şu gün Lebap welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy

Şu gün Türkmenabat şäherinde we Lebap welaýatynyň etraplarynda orta mekdepleriň mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň işgärleriniň iki günlük usuly-amaly okuwlary başlandy.

Okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy esasda alyp barýan tejribeli mugallymlar we terbiýeçiler kärdeşleriniň öňlerinde çykyş ederler. Olar kärdeşlerine toplan tejribeleri barada gürrüň bererler. Şonuň ýaly-da, okuwçylaryň gyşky kanikulyndan soňky döwürde bilim işgärleriniň öňlerinde durýan wezipeler barada durup geçerler. Okuwyň gidişine täze usullary girizmek, okuwçylara özbaşdak bilim almak, alan bilimlerinden durmuşda peýdalanmak we bütin ömrüniň dowamynda okamak endiklerini bermek hem edilen gürrüňleriň özenini düzdi. Çagalar baglarynyň terbiýeçileri bolsa körpeleri terbiýelemegiň we olary mekdebe taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: