YKDYSADYÝET

«STT» hususy kärhanasynda geçen ýyl 5800 tonna ýakyn şpatlýowka köp öndürildi

Işini Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda alyp barýan «STT» hususy kärhanasynda geçen ýylyň dowamynda 7 müň 860 tonna şpatlýowka öndürildi. 2021-nji ýylda gurluşykda giňden ulanylýan bu materialyň 2 müň 70 tonnasy öndürilipdi. Bu tamamlanan ýylda bu önümiň 5 müň 790 tonnasynyň köp öndürilendigini aňladýar.

Hususy kärhanada kafel ýelmemek üçin niýetlenen ýelimiň 459 tonnasy, hekiň 434 tonnasy, gips karton listiniň 82 müň 620 sanysy, gipsiň 4 müň 720 tonnasy, nahar duzunyň 170 tonnasy, tehniki maksatlar üçin ulanylýan duzuň 23 tonnadan gowragy öndürildi.

Kärhana önüminiň belli bir bölegini daşary ýurtlara hem iberip başlady. Geçen ýyl 6 müň 204 sany gips karton listi Gazagystana, 1 müň 84,5 tonna ýakyn  hek Özbegistana, 112 tonna ýakyn duz Russiýa iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: