Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Farap,Dänew we Döwletli etraplaryndan gelen 110 türgen gatnaşdy.

Ýaryşlaryň jemleri boýunça ýer eýeleri iň ýokary netijäni görkezdiler. Olar 8 sany birinji, 3 sany ikinji we 2 sany üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Şu şäheriň 1-nji sport mekdebinde tälim alýan türgenler 4 sany birinji ýere eýe boldular. Dänew etrabyndan gelen türgenler 13 sany birinji we 4 sany ikinji orunlary eýelediler. Olar etrabyň 5-nji we 7-nji sport mekdeplerinde tälim alýarlar. 5 sany üçünji orun alan Saýat etrabynyň topary bolsa üçünji netijäni görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector