2026-njy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan ýerine ýetirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasy bilen bilelikde ýaşyl geçiş, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ýaşyl ykdysadyýet tematikalary boýunça “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda startaplar” bäsleşigini geçirdi.
Startap taslamasynyň “Gün we ýel energiýasy – gün panelleri, gün kollektorlary, ýel turbinalary we beýleki täze çözgütler” ugry boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kakamyrat Ýalkabow I orny eýeledi hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasyna okuw saparyna gitmäge hukuk gazandy.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda edilýän aladalar ýaş nesilleriň döredijilik we innowasion ukyplaryny ýüze çykarmakda özüniň oňyn netijelerini görkezýär.
Çeşme: tdei.edu.tm


