Türkmenistanda  ýaş nesli beden hem ruhy taýdan terbiýeläp ýetişdirmek baş alada bolup durýar. Bedenterbiýe we sport sagdyn bedenli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam edýär. Şu ýörelgelerden ugur almak bilen, ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde ähli tagallalar edilýär. Welaýatymyzda sportda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, halkara derejesinde ussat türgenleri ýetişdirmek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermek maksady bilen dürli sport çäreleri geçirilýär. Munuň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Ýagny, yzygiderli amala aşyrylýan beýik tutumly işler ruhubelent hem-de maksada okgunly türkmen türgenleriniň sanynyň artmagyna getirýär.

Paýtagtymyzdaky dünýä ülňülere laýyk gelýän Olimpiýa şäherjigi amatlylygy, tehniki taýdan üpjünçiligi, döwrebaplygy bilen türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Bu ajaýyp sport toplum diňe bir ýokary halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw jaýlarynyň türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi bolup hem hyzmat edýär. Ýurdumyzyň türgenleri Türkmenistanda, Aziýada, dünýä möçberinde geçirilýän halkara ýaryşlaryna we çempionatlaryna gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezip gelýärler.

Biziň ýurdumyzyň hem halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul – Hazar 2018» awtorallisiniň geçirilmegi munuň şeýledigini subut edýän mysallaryň birnäçesidir. Häzir bolsa Aşgabatda welotrek boýunda dünýä çempionatynyň, futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi boldy. Bu babatda welaýatymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi maksat edinýän işjeň çäreleri mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirmek däp bolup galar.

Döwletmiz milli  sport hereketini ösdürmegi höweslendirmek we goldamak bilen halklaryň arasynda dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Dürli derejelerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýan türgenlerimiz hem bu gatnaşyklaryň berkemegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

 

Mamajan Mametkulyýewa,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: