BIZE YAZYARLAR

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz
tagallary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli amatlyklar döredilýär.
Adam saglygyny berkitmekdesportyň bir görnüşi bolan bedenterbiýäniň
ähmiýeti ulydyr. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli geçmek, bedeni berkidip, onuň çeýeligini artdyrýar. Maşklar göwräniň deňagramlylygyny, myşsalaryň sazlaşygyny gowulandyrýar. Maşklar diňe bedni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, içki organlaryň işini hem işjeňleşdirýär.
Sagaldyjy bedenterbiýe bilen adamlar hepdede-de 3 gezek 45 minutlap
meşgullanmalydyrlar. Bedenterbiýäniň öý şertlerinde, gatnawly, şypahana
şertlerinde ulanylýan usullary bardyr. Fiziki maşklar gan-damar, ýürek, öýken, aşgazan organlarynyň işini artdyryp, keselleriň öňüni almaga ukyplydyr.
Ertirki geçilen gimnastika adama uly täsirini ýetirip, günüň dowamynda işjeň bolmagyňy gazandyrýar. Gimnastika kardio-respitatorwe endokrin ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Dokumalarda metobolizm hadysasyny artdyrýar we gan toplanma hadysasynyň öňüni alýar.
Suwda fiziki maşklary ýerine ýetirmek, ýüzmek, bedene umumy täsir etmek
bilen bogunlary hereketini gowulandyrýar. Muskullaryň türgenliligini
ýokarlandyrýar.
Bulardan başga-da önümçilikde we okuwçylaryň okuwdan soňra ýerine
ýetirilýän maşklar bardyr. Onuň dowamlylygy 5-7 minutdan we 3-5 sany
maşkdan ybaratdyr. Zawodlarda, tikin fabriklarinde, kompýuter işlerinde, ýagny oturylyp birmeňzeş işleri ýerine ýetirýän önümçiliklerde we mekdeplerde, esasan-da 1—4-nji synp okuwçylaryna önümçilik maşklary has-da gerekdir. Başda belleýşimiz ýaly beden maşklarynyň adam saglygyna peýdasy gaty ulydyr. Şonuň üçin geliň, her gün beden maşklaryny ýola goýalyň!

Jumanazar ÝAGŞYÝEW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: