Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup yetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bedenterbiýe we sport sagdynlyk bilen berk baglanşyklydyr. Ekologiýa üýtgeşmeleri, häzirki ösen durmuşda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatda zyýanly mikroblaryň köpelmegi adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin bedeni taplamak örän wajyp bolup durýar. Bedeni taplamagyň özeni bolsa kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdan ybaratdyr. Häzirki tehniki Ösüşler döwründe kompýuterleriň, smartfonlaryň we beýleki adam zähmetini ýeňilleşdirýän tehnikalaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşmagy bedeniň fiziki işjeňligini belli bir derejede peseldýär. Bu bolsa adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň isjeňliginiň peselmegine, myşsalaryň güýjüniň gaçmagyna getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar. Sonuň üçin hem, sport bilen yzygiderli meşgullanmak häzirki döwürde örän wajypdyr. Sport bilen meşgullanmak, hereket etmek daýanç ulgamyny berkidýär, myşsalaryň göwrümini ulaldýar, güýjüni artdyrýar , süňkleri berkidýär. Şeýlelikde, myşsalar kislorod bilen baýlaşýar. Sport bilen meşgullanmak daýanç ulgamyny birnäçe kesellerden goraýar. Işjeň hereketler nerw ulgamyny berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Beden has çylşyrymly daşky täsirlere çalt uýgunlaşýar.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygy baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk — ynsanyň başynyň täji, emma ony adamlar diňe syrkawlan wagtlarynda görüp bilyärler. Danalar bagty, saglygy gymmatlyklar düzüminde biri-birine barabar goýupdyr. Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtalmaly zatlar. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatda ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem-de mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijeliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edyär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Şerapow Allamyrat