SPORT WE SYÝAHAT

Sport: küşt boýunça Ýokary ligada lebaply türgenler öňe saýlanýarlar

Lebaply küştçüler şu günler dowam edýän Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasyna üstünlikli girişdiler. Yzda galan üç tapgyrdan soň olar eýýäm ýaryş tertibiniň öňdäki basgançaklaryna geçdiler.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow üç duşuşykda 2 utuk toplap, ikinji orunda barýar. Onuň utugy birinji orundaky Amanmuhammet Hommadowyňky bilen deň.
Hatda dördünji orundaky Şageldi Kurbandurdyýewiň (Dänew etraby) utugy öňdebaryjylaryňky bilen deň. 12 türgeniň arasynda häzirlikçe 7-nji orny eýeleýän Lala Şöhradowanyň 1,5, 10-njy orundaky Ilhan Çaryýewiň bolsa 1 utugy bar.
Gyzlaryň arasynda Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýla Şöhradowa eýýämden birinji orunda ýerleşdi. Ol şu ýaryşda üç duşuşykda 3 utuk toplan ýeke-täk türgendir. Ikinji orunda 2,5 utuk bilen türkmenabatly küştçi Jahan Rejebowa barýar. 1,5 utukly Gülmira Seýilhanowa 6-njy, 1 utukly Aýa Baýramowa 9-njy, ýene 1 utukly Mähri Agamyradowa bolsa 10-njy orunda.
Ýokary ligada jemi 24 türgen ýaryşýar. Olaryň 12-si erkekleriň, 12-si zenanlaryň arasyndaky ýaryşa wekilçilik edýär. Dänewli küştçi Lala Şöhradowanyň erkekleriň arasynda ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: