7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ol günde Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizildi. Oňa dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, şol sanda biziň ýurdumyzy hem agza boldy. Bu ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan gol çekilen Tertipnama ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglygy bolan hukugyny yglan etdi. Hökümetleriň öz halkynyň saglygy üçin
jogapkärçilik ýörelgesini tassyklady we ylmyň, halkara howpsuzlygyň güýçlendirmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdiler. Saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk dünýädäki adamlar saglygyň durmuşynda nämäni aňladýandygyny düşünip,
saglyklaryny gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigini çözüp biler ýaly derejede geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni planetanyň ilatynyň saglygy bilen baglanyşykly iň möhüm meselelere bagyşlanýar we dürli şygarlar astynda geçirilýär. Mysal üçin, 1998-nji ýyl “Göwrelilik – durmuşda aýratyn waka, biz
ony howpsyz ederis” diýip atlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasy 1999-njy ýyly Halkara garrylar ýyly diýip yglan etdi. Şonuň üçin bu ýyl “Iş uzak ömrüň ýoludyr” diýen şygaryň astynda geçirildi… Umuman her ýylyň özüniň şygary astynda Bütindünýä saglyk güni bellenilip gelinýär. Ýene bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri 2008-nji ýyl “Saglygy howanyň üýtgemeginden goramak” diýlip atlandyryldy. Bu ýöne ýere beýle şygar bilen atlandyrylmady. Şygar, howanyň gyzmagy jemgyýetiň saglygynyň howpsuzlygyna howp salýandygy sebäpli saýlanyldy.
Her ýyl bolşy ýaly 7-nji aprelde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar işeňňir gatnaşarlar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar, brifingler we ylmy-maslahatlar geçiriler.
Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleriniň sagaldyş we terbiýeçilik babatdaky ähmiýetinden başga-da, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda aň-bilim, wagyz etmek wezipesini hem ýerine ýetirýändigini bellemek gerek.
Sebäbi, arassa ekologiýa we sagdynlyk ýaly düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli, Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak we bejermek, şeýle hem zyýanly endiklerden, hususan-da, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirmäge ukyply çilim çekmekden el çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden düşündirmek we ýaýratmak ýaly giň möçberli işi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, talyplaryň gatnaşmaklarynda şeýle baýramçylyk çäreleriň we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem göçme görnüşdäki duşuşyklaryň geçirilip, olara gatnaşýan ýaşlaryň işjeňligi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maral DATOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.