Sport gimnastikasy: çalasynlyk, güýç we owadanlyk
Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebi sport gimnastikasy boýunça türgenleşikleri geçmäge ýöriteleşdirilen. Bu häzirki zaman sport mekdebi 2011-nji ýylda ulanylmaga tabşyrylypdy. Onda mugallym-tälimçileriň onusy zähmet çekýär. Ýigrimi dokuz toparda üç ýüz sekiz türgen türgenleşýär.
Sport gimnastikasy Lebap welaýatynda sportuň ýaýran görnüşleriniň biridir. Şonuň üçin hem, türgenleri taýýarlamak boýunça däpleriň emele gelendigi tebigydyr. Lebap welaýatynda sport gimnastikasy boýunça türgenleşikler 1962-nji ýylda geçirilip başlandy. Geçen elli ýedi ýylyň dowamynda tälimçiler dürli ýaşdaky türgenleri dürli derejedäki ýaryşlara taýýarlamakda uly tejribe topladylar.
Previous image
Next image