Sport bizi sagdynlyga çagyrýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça dünýä nusgalyk işleriň alnyp barylýandygyna hemmämiz şaýat. Biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem “Saglyk” aýynyň çäklerinde birnäçe sport ýaryşlary gurnaldy. Sport çärelerine işjeň gatnaşýan talyp türgenlerimiz welaýatymyzyň çäklerinde baş baýraklary almak bilen çäklenmän döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem öňdäki
orunlary almagy başarýarlar.
Diýarymyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş, jemgyýetçilik-medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi buýsanyp bellemäge mynasypdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip wagyz-nesihat çäreleriniň hem yzygiderli geçirilip durulmagy her bir adamyň sagdyn, bagtyýar durmuşa ymtylmagyna badalgadyr.
Sport- sagdynlygyň sakasy. Sport bu adamyň özüne edip biljek iň gowy bejergisidir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň ruhunyň belent bolmagyna hem getirýär. Ilatda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwes döredýän medeni sport çäreleriniň utgaşykly alnyp barylmagy bu ugurda gazanan üstünligimizdir. Umumilli spartakiadalaryň, sportyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň, dürli derejeli çempionatlaryň geçirilmegi ýurdumyzda
ýaşlarda sporta höwesiň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkymyzy bagtyýarlygyň eşretli ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan, sportda bize nusgalyk bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
KALANDEROWA Saýara,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär mekdebiniň talyby.