DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Sport aýakgaby smartfony dolandyrar

Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy aýagyň hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýän özboluşly sport aýakgabyny çykardy.

«Geljegiň sport aýakgaby» «Shortcut Sneaker» özboluşly aýak hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ulanyjy aý ýörişini ýerine ýetirip biler we telefon şol wagt onuň ejesine jaň eder. Smartfonda aýdym açmak üçin çeçýotka tansyny edip bolar.

Bu dabanda ýerleşdirilen hereket datçikleriniň kömegi bilen mümkin boldy. Ulanyjylar özboluşly aýak hereketlerini ulanyp, bäş dürli hereketi ýerine ýetirmek üçin telefony sazlap bilerler.

«Shortcut Sneaker» sport aýakgaplary geýip bolýan «Elitac Wearables» elektronikasyny işläp düzüji «Cheil Benelux» döredijilik agentligi, «Brut Amsterdam» golland kompaniýasy we sport aýakgaplarynyň dizaýneri Roel wan Hoff bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi.

Bu sport aýakgaplary örän çäkli– bary-ýogy alty jübüt nusgada öndürilýär. Bu sport aýakgaplary diňe Niderlandlardaky «Samsung Members» programmasyny ulanyjylaryň arasynda 2024-nji ýylyň 9-njy iýulyna çenli bije arkaly berilýär. «Samsung» ýeňijini iýul aýynyň ikinji hepdesinde yglan eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: