«SpaceX» ýene bir dünýä rekordyny täzeledi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «SpaceX» kosmiki kompaniýasy 2024-nji ýylda öz raketalaryny älem giňişligine uçurmak boýunça dünýä rekordyny gazandy.
Kompaniýa 2023-nji ýylda raketalaryň 96-syny uçuran bolsa 2024-nji ýylda bu görkezijini 134-e ýetirdi. Olaryň aglabasy Floridanyň Kosmiki merkezinden uçuryldy. Dekabr aýynda bolsa «SpaceX-iň» hünärmenleri 20 sagadyň dowamynda «Falcon» raketalarynyň 3-sini yzygiderli uçurdylar.
Uçuşlaryň köpüsi «Starlinkiň» internet emeli hemralaryny ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Uçuşlaryň 20-den gowragy bolsa söwda maksatlydyr. Şeýle-de kompaniýa Ýerden iň uzak aralyga ekipaž uçuşyny hem üstünlikli amala aşyrdy. 2025-nji ýylda bolsa «SpaceX» «Starship» raketalary arkaly älem giňişligine söwda maksatly uçuşlaryny has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.