BIZE YAZYARLAR

Söz ussady — Beýik akyldaryň edebi mirasyna goýulýan sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir.

Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda aýdyň beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini  giňeltmek maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaşlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurtda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesillerini watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, maksada okgunlylyga, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmeklige gönükdirilendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek bilen baglanyşykly döwlet we halkara derejesindäki işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu şanly ýyl akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylyp, onuň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýýar.

Magtymgulynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, onuň uly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär.

Magtymgulynyň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolşy ýaly, olar halk durmuşyna ýakyn durmak bilen, köpçüligiň dert-aladasyny, pikir-hyýalyny, arzuw-islegini içgin suratlandyrypdyr.

Öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar Magtymgulynyň döredijiliginde uly orun eýeleýär. Pähimdar şahyryň nesihatlary nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe. Ol halka ýagşylyk edýän adamlar iň bagtly adamlardyr. Ýagşylyk etmeklige ýaşlykdan endik etmeli, özüňi ýagşylyk meýlinde terbiýelemeli. Şeýle etseň, il içinde hormatlanýan, abraýly adam bolup ýetişersiň diýip ündäp geçýär. Şahyr “Bolar sen” goşgusynda hem:

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,

Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!

Gerçe nesihatdyr illere sözüň,

Ile aýtmaý durup, owwal tut özüň,

Nämähremden  berhiz etdirgil gözüň,

Ýogsa  haýran kerdi-kerden bolar sen.

Ussadyň akyl-paýhasa ýugrulan öwüt-nesihatlary biri-biri bilen utgaşykly baýlaşdyrylýar. Ol öwüt-nesihatlar adamlaryň gündelik durmuşynda duş gelip duran hereketler, gylyk-häsiýetler. Şahyr olary sanap geçmek bilen çäklenmeýär. Eýsem-de, näme edeniňde soňunyň nähili ýagdaýlar bilen gutarýandygyny ýatladýar, zerur maslahatlar berýär.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjydyr we buýsanjydyr. Döwürdeşleri öz wagtynda şahyryň şygyrlaryny ýat tutupdyrlar, hatly sowatly adamlar bir-birlerinden göçürip alypdyrlar.

Magtymguly özünden soňky we tä şu günki günlere çenli döredip gelýän şahyrlaryň ählisiniň hakyky halypasydyr. Mysal üçin, ХIХ asyr satiraçy şahyrymyz Mämmetweli Kemine «Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize indi onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip, akyldaryň döredijiliginiň ündew, mazmun, çeperçilik babatda köpgyraňlydygyna döwürdeşleriniň ünsüni çekipdir.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýylýar, ähli adamzadyň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolup durýar. Nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň hemmesi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Narmamedowa Şirin Metýakubowna

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: