Arassa howada gezim etmek, pyýada ýöremek, ýa-da ylgamak sagdynlyk endikleriniň esasy görnüşleriniň hataryna girýär. Ýöne howanyň sowamagy bilen gezelenç wagtynda sowuklamazlyk üçin ýörite maslahatlara eýermek zerurlygy ýüze çykýar.
Bu hili gezelençlerde esasy zat, dem alşyňyza gözegçilik etmeli. Uludan däl-de, kadaly dem almaly, sebäbi sowukda güýçli dem alyş sebäpli burun howany gyzdyryp ýetişmeýär we howa bedene sowuk bolup girýär.
Pyýada ýöremegi däl-de, ylgamagy göz öňüne tutýan mahalyňyzda dem alşyňyza aýratyn üns bermeli. Sebäbi bu hili hereket wagtynda dem alyş hereketleriniň ýygylygy we çuňlugy ýokarlanýar, netijede biz öýkenimizi sowukladyp bilýäris.
Gezelenje çykanyňyzda ýanyňyz bilen gyzgyn çaý alynmalydyr. Bu içgi size güýç berer we ýylanmagyňyza kömek eder. Ýöne sowuk içgiler we dürli görnüşli gazlandyrylan içgiler gadagandyr. Kofe hem içmeli däl, sebäbi onuň netijesinde güýjüňi alýan birnäçe aýratynlyklary bar.
Mundan başga-da, geýýän eşigiňize hem üns berilmelidir. Ýagny geýýän eşigiňiz hem ýeňil hem-de ýyly bolmalydyr.
Mamajan HALMURADOWA,
Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala feldşeri.

