BIZE YAZYARLAR

Sowuk we gyzgyn suw

Ynjalykdan gaçan ýagdaýlaryňyzda hem sowuk suwa ýuwunmak peýdalydyr. Sowuk suwa ýuwunmak aňy arassalaýar, kelläni biderek pikirlerden saplaýar. Üstesine, uzakly gün işjeň bolmagyňyza täsir edýär. Dem alşy kadalaşdyryp, bedenimizi kislorod bilen baýlaşdyrýar. Ol bedeniň işjeňligini çaltlandyrýar. Çünki ol beýniniň damarlaryny işjeňleşdirýär. Damarlar bolsa öz gezeginde
begenç garmonlaryny oýarýan impulslary berýär. Çalt-çaltdan sowuklaýanlara sagdyn wagty sowuk suwa düşmegi endik edinmek maslahat berilýär. Çünki sowuk suw gan aýlanyşygyny kadalaşdyryp, gany zyýanly ýokançlardan tämizleýär.bulardan başga-da, sowuk suw derini hem berkidýär. Ýagny saçyň kökleriniň gowşamagynyň öňüni alýar.
Edil sowuk suw ýaly gyzgyn suwuň hem peýdalary bolup, ol rahatlandyryjy häsiýetlere eýedir. Yzygiderli gyzgyn suwa ýuwunmak derini könelişen öýjüklerini aýryp, hamlykdan saplaýar. Ganyň oksitosin derejesini ýokarlandyrýar, kelle agyryny aýyrýar, derini toksinlerden arassalaýar. On bäş
minutlap gyzgyn suwa ýuwunmak burny nemlerden tämizläp, dem alşy gowulaşdyrýar. Myşsalardaky dartgynlylygyň gowşamagynda hem gyzgyn suwuň peýdasy bardyr. Ol myşsalardaky agyrylary aýyrýar. Şonuň üçin agyr türgenleşiklerden soň hem gyzgyn suwa ýuwunmak maslahat berilýär.

Serdar HEMRAÝEW,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň lukmany.