JEMGYÝET

Şowsuz parollaryň sanawy çap edildi

«NordPass» kompaniýasy samrtfonlar, noutbuklar ýa-da Wi-Fi üçin 2021-nji ýylda ulanylan iň şowsuz parollaryň sanawyny çap etdi. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Şowsuz parollaryň sanawynyň hemmesiniň ýylda çap edilýändigine garamazdan, ulanyjylaryň köpüsi muňa üns bermeýärler we öz howpsuzlygyna parhsyz garaýarlar.

Antireýtingde, öňküler ýaly, 123456, 123456789, 12345, 123321, 111111,1234567890, 1234, 000000 we şulara meňzeş sanly kombinasiýalar galypdyr.

Käbir ulanyjylara «qwerty123», «1q2w3e», «aa12345678», «password123», «abc123» ýaly kombinasiýalary ýazsalar, ynamdar parol döredendir diýip pikir edýärler.

Käbirleri san bilen çylşyrymlaşdyrjak bolup kellesini hem agyrtmandylar we «qwerty», «password», «qwertyuiop» diýen sözleriň birini ýazypdyrlar.

Ikinji orunda «123456789» sanyň «çylşyrymlaşdyrylan görnüşi» ýerleşýär. Ony bir milliondan hem köp gezek ulanypdyrlar.

Reýtingiň üçünji setirinde täze parol — «picture1» — peýda boldy. Galan onlukda  «password», «12345678», «111111», «123123», «12345», «1234567890» и «senha»  parollar bar. Olaryň «picture1» başgasyny açmak üçin kiber jenaýatçylar on sekunddan hem az wagt sarp edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: