MEDENIÝET

 Şowhunly Täze ýyl baýramçylyk konserti

Hormatly Prezidentimiziñ  açyp beren, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniñ gözelligine görk goşýan “Türkmeniñ ak öý” binasynda ýurdumyzyñ medeniýet we sungat ussatlarynyñ,  Türkmenistanyñ sungatda at gazanan,halk artistleriniñ taýýarlan  Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly baýramçylyk konserti geçirildi.

      Ýakynda Arkadagymyzyñ şaserpaýyna mynasyp bolan Türkmenistanyñ at gazanan artisti Döwlet Amanlykow söýgi aýdymlary bilen başlap, “Aý ýaly” we  gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdymlary bilen dowam etdi. Aýdymlary ýerine ýetirip bolansoň halkymyzy toýly we baýramçylyk  günlerde duşuşmaklyklaryny arzuwlady.

       Türkmenistanyñ halk artisti Dilber Rahmanowa söýgi , özbek , ýañy-ýakynda täzeden işlän täjik aýdymlary bilen çykyş etdi.

        “Ýürek ýanyp dur”aýdymy bilen halky özüne maýyl eden aýdymçy Turkmenistanyň  at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedow tomaşaçylar tarapyndan has-da gyzgyn garşy alyndy.Halkymyzyñ bilelikde gaýtalamagynda  meşhur bolan aýdymyny  ýerine ýetirdi. Aýdymçy halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, Täze ýylyň düşümli, şowly, üstünlikli ýyl bolmagyny, Arkadagly Serdarymyzyñ janynyñ sag , il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniñ elmydama rowaç almagyny arzuwlap arzuwlap, “Duýañokmy”, “Ýar diýme” ,”Çagyr meni” atly aýdymlary bilen dowam etdi.

      Yzýanyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti estrada aýdymçymyz Ahmet Atajanow “Mährim”, “Zülpüñ seniñ” , “Näzik” we söýgi aýdymlary bilen çykyş etdi. Halkymyzyň janynyň  sag ,  geljek 2023-nji ýyl ýatdan çykmajak pursatlardan dolmagyny arzuwlady.

      Soňra Söhbet Kasymow “Göresim gelýär”  aýdymy bilen çykyş etdi. Halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap,  şeýle şowhunly baýramçylyk konsertiniň we  ajaýyp toýly  günleriñ köp bolmagyny arzuwlady. Söýgi aýdymlary bilen başlap,şadyýan aýdym-sazlary bilen çykyş edip,toý aýdymlaryny aýdyp şowhunly konsert tamamlandy.

Biz talyp ýaşlara  şeýle  şowhunly konsertlere  gatnaşmaga,  gowy durmuşda ýaşamaga , okamaga, döretmäge  giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyñ janynyñ sag bolmagyny, tutýan tutumly, umumadamzat ähmiýetli işleriniñ rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

 Ogulbeg Ýegenowa Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň

 taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV  ýyl talyby