SPORT WE SYÝAHAT

Söweş sambosy boýunça ýygyndymyzyň lebaply tälimçisi şa serpaýy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirýär

Döwletli etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Osman Ýoldaşow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň türkmen sportunyň täze belentliklere beslenen ýyllarynyň biri bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda geçirilen yklym we halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri milli sportumyzyň dünýäde tanalmaga başlandygyny görkezdi. Şeýle-de ol Belarusda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda geçirilen ýaryşlarda şägirtleriniň ýokary netijeleri gazanyp, Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylan pursatlarynyň özüne uly buýsanç bagyşlandygyny aýtdy.
Osman Ýoldaşow ýaňy-ýakynda şägirtleriniň köpüsiniň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ýokary derejeli döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagyny uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň ýerine düşmegi hökmünde bahalandyryp, mundan beýläk-de döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, Watanymyzyň şanyna şan goşjak täze sport ussatlaryny kemala getirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdigini nygtady.