Lebap welaýatynda telekeçileriň bäşisine sowadyjy desgalary gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi.

Bu ilaty bütin ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýetişdirilen ter gök, bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň bir ugrudyr. Daşary ýurtlardan getirilýän azyklyk oba hojalyk azyklyk önümleriniň mukdary barha artýar. Munda daýhan birleşikleri bilen bir hatarda hususy sektoryň paýy hem uludyr. Olar tarapyndan şu wagta çenli 10 sany ýyladyşhana guruldy, 22-siniň bolsa gurluşygy alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýetişdirilen artykmaç gök, bakja we miwe önümlerini terligine saklamagyň aladasy hem edilýär. «Awtotrans» hususy kärhanasy, telekeçi Wepa Jumaýew şeýle sowadyjy ammarlary gurdular. Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli sowadyjy ammarlaryň ikisi daýhan birleşiklerinden, hususy önüm öndürijilerden alnan oba hojalyk önümlerini ýylyň dowamynda terligine saklamaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: