Ýaponiýanyň «Sony Corporation» kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Toşihiro Takami Türkmenistanyň teleýaýlymlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we ýaýlymlary 4K formatyna geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Şunlukda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenen uzak möhletleýin Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde goşmaça täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli gepleşikler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda dünýäde giňden ulanylýan Full HD formatyndan 4 esse dury şekilleri hödürleýän 4K görnüşine geçmek bu taslamanyň esasy ugrudyr. «Sony» kompaniýasy diňe bir döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek däl, eýsem türkmen hünärmenleri üçin ýörite tälim beriş okuwlaryny guramagy hem maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň telewideniýe ulgamynyň tehnologiki taýdan has-da kämilleşmegine we şekilleriň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna ýardam eder.
«Sony» kompaniýasy Türkmenistanyň teleýaýlymlaryny 4K formatyna geçirmäge ýardam eder
24
Dec
