JEMGYÝET

«Soňky jaň» we Aşgabat şäheriniň güni bellenildi

Şu gün Lebap welaýatynda «Soňky jaň» dabaralary Aşgabat şäheriniň gününiň dabaralaryna utgaşdy. Welaýatyň ähli künjeklerinde goşa baýramyň şanyna aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Ir bilen mekdep uçurymlary welaýatyň Baş baýdagyna gül desselerini goýdular. Soňra bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Uçurym ýaşlar dabaradan soň köpçülikleýin gezelenç etdiler. Şeýle gezelençler Türkmenabat şäheriniň gözel künjekleri we taryhy ýerleri boýunça hem guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: