Bu barada welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalada syn berilýär.
Makalanyň awtorynyň nygtaýşy ýaly, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary soňky gezek 2019-njy ýylda üýtgedilipdi. Şol ýylda bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 esse, ýagny 400 manat bolandygyndan 800 manada çenli ýokarlandyryldy. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasyny döwletimiz daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy.
Pagtanyň 2019-njy ýyldaky döwlet satyn alyş nyrhlaryna hem göz aýlalyň. Şonda bir tonna nah pagtanyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 430 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 365 manat bolupdy.
2024-nji ýyldan nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde bolar. Ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde kesgitlenildi.
