Şöhradowalar Türkmenistanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýelediler
Lebaply küştçüler Lala we Leýla Şöhradowalar ýakynda paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen milli çempionat, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem garaşylmadyk netijelere baý boldy. Dänewli uýalaryň ulusy Lalanyň geçen ýylky çempionlygyny gaýtalamagy Leýlanyň oýnuna bagly boldy. Çünki Leýla çempionatda ahyrky duşuşygyny çempionlyk üçin Lala bilen deň göreş alyp baran paýtagtly türgen Merýem Agajanowa bilen geçirdi. Leýlanyň güýçli garşydaşyndan sähelçe tapawut bilen asgyn gelmegi paýtagtly küştçüniň ýurdumyzyň çempiony bolmagyna şert döretdi. Geçen ýylky çempion Lala Şöhradowa bolsa bu ýyl kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy.
Bu netije türgenlerimiziň milli ýygyndymyzyň düzümine kabul edilmegi üçin ýeterlik boldy. Dänewli doganlar maý aýyndan başlap, küşt boýunça halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga girişerler.
Türkmenistanyň çempionatynda erkekleriň arasyndaky ýaryşda küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy ― Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow hem üçünji orna mynasyp boldy.