SNGIZ-iň tehnologik mümkinçilikleri dörebaplaşdyrylýar
Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.