Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny kämilleşdiriş işleri dowam edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow Hökümetiň geçen hepdede geçirilen mejlisinde habar berdi.
Hasabatda “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda tehnologik ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň barşy barada aýdyldy. Bellenilişine görä, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň hem-de Seýdi zawodynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de öndürilýän önümleriň, şol sanda benziniň, polipropileniň we çalgy ýaglaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Wise-premýer tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli kärhanalaryň serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan meýilnamany makullap, ony ýerine ýetirmäge girişmegi tabşyrdy.
SNGIZ-i kämilleşdirmek işleri dowam edýär
11
Oct
