YKDYSADYÝET

SNGIZ-de 431 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň geçen on bir aýynda kärhanada çig mallaryň 431,4 müň tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Şeýlelikde, bu baradaky meýilnama 109,1 göterim berjaý edildi. Şonça çig
maldan bolsa geçginli önümleriň jemi 375,7 müň tonna golaýy öndürildi. Bu
önümiň 219 müň tonna golaýy dürli oktan sanly benzindir. Bu gymmatly önümi
öndürmekde geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 109,6 göterim ösüş
depgininiň gazanylandygy bellärliklidir.
Şeýle-de geçen döwürde dizel ýangyjynyň 109,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 23,6 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 19 müň tonnadan gowragy öndürildi.
Gazanylan uly üstünlikde iri kärhananyň başarjaň işgärleriniň her biriniň saldamly paýy bar. Olaryň arasynda uly operator Magtymguly Jumagulyýew,
maşinistler Rustam Seýitnyýazow, Çary Ysmaýylow, slesar Hasan Rozyýew,
laborant Saýara Mämetkulyýewa, uly hünärmen Roza Ýagşymyradowa has
tapawutlanýarlar. Olaryň gowy göreldesine bolsa kärdeşleri giňden eýerýärler.
Şonuň netijesinde umumy işler barha ilerleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: