SNGIZ-de 220 müň tonnadan gowrak çig nebit gaýtadan işlenildi
Şu ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýatynda öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Bu babatda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önjeýli işler bitirilýär.
Welaýatdaky bu iri senagat kärhanasynda şu ýylyň geçen aýlarynda çig malyň 221,4 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, ondan dürli nebit önümleriniň 215,2 müň tonnadan gowragy öndürildi. Şunlukda, tamamlanan alty aýyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 106,2 göterime barabar boldy. Şonça önümiň 124,9 müň tonnasy uly islegden peýdalanýan benzindir. Bu geçginli önümiň öndürilişiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, artyş depgininiň 55,9 göterime barabar bolandygy-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Kärhanada geçen döwürde dizel ýangyjynyň 58 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 11,7 müň tonna golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.