YKDYSADYÝET

SNGIZ-de 2024-nji ýyldaky önümçiligiň 91 göterimi amal edildi

 Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürüjiligi ýylda 6 million tonna deň bolan nebiti ilkinji gaýtadan işleýän we elektroduzaýryjy desgasy ELOU-AWT-6,  öndürijiligi  bir ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän we goşmaça gidroarassalaýjy blokly  LÇ 35-11/500 desgasy we ýylda 37200 tonna ýol bitumyny öndürýän desga hereket edýär.

 Has takygy, zawodyň 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek we ekologiýa taýdan arassa bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça 91,0% göterimine golaýy berjaý edildi.

 Benziniň A-80, A-92 we A-95, ekstra benzini, dizel ýangyjy, mazut, agyr wakum gazoýly, nebit ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, göni kowlan benzin önümleri öndürmek meýilnama boýunça 117,6% göterime golaýy berjaý edildi.

 Ýeri gelende aýtsak, bu önümlere içerki, şeýle-de daşarky sarp ediş bazarlarynda uly isleg bildirilýändigi bellärliklidir.