YKDYSADYÝET

SNGIZ-de 100müň tonna dizel ýangyjy öndürildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýyl öndürilen dizel ýangynyň mukdary 100 müň tonna ýetdi. Hatda, ondan hem geçirip, 103,7 müň tonna dizel ýangyjyny öndürdi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,6 müň tonna köp diýmekdir.
Zawodda geçen ýylyň 10 aýy dizel ýangyjynyň 97,1 müň tonnasynyň öndürilmegi bilen jemlenilipdi. Şeýlelikde, degişli döwürde 6,8 göterim artyş üpjün edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde dizel ýangyjynyň L-05-62 görnüşi öndürilýär. Ýangyç diňe bir içerki zerurlyklary üpjün etmän, eksport bazaryna hem goýberilýär.