“Smart city” – Arkadag
Ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas umrnany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gurlup ulanmaga berilýän iň bir häzirki zaman, halkara derejesinde ykrar edilen ýokary ülňülere gabat gelýän, şäher gurluşyk syýasatynyň talaplaryna laýyk gelýan binalary bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly ilerleýän Arkadag şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha artýan kuwwatynyň nä derejede ýokarydygyny görkezýär. Arkadag şäherinde adamlaryň gowy ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, nesilleriň oňat okamagy, sport bilen meşgullanmagy hem döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi eziz Diýarymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, başlangyç tagallasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde Merkezi Aziýada ilkinji «akylly şäher» hökmünde gurlan Arkadag şäheri bu ýere gelýänlere gujagyny giňden açýar. Ol ekologik taýdan arassa ýerde, gojaman Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyz Aşgabatdan ýakyn uzaklykda ýerleşýändigi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Üstesine-de bu ýerde tebigy gözelligiň saklanyp galmagy bilen, «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy hemmeleriň hoşuna gelýär. Bu ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan Arkadag şäheri häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryny özünde jemleýändigi bilen hem şäherleriň köp sanlysyndan görnetin tapawutlanýar.
Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň hereket etmegi bu künjekde amatly howa gurşawynyň saklanmagyny şertlendirýär. Täze şäherde milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek.
Arkadag şäheriniň esasy binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, çagalar baglarynyň hem-de umumybilim orta mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň, sport toplumlarynyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek ýakymly.
Häzirki wagtda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesili ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini we wesýetlerini dowam etdirijiler ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini düzýär. Olara Watanymyzyň we halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar.
Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy.
Häzirki zamanyň ösen we amatly şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň nurana ýollary ýurdumyzda bagtyýar durmuşyň dowamata atarylýandygynyň mysaly hökmünde abadançylyk we amatlylyk babatda tapawutlanýar. Şunda edara we durmuş maksatly desgalaryň has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň we beýleki döwrebap desgalaryň binagärlik keşbi bu ýeriniň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Şeýle hem täze Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Täze, häzirki zaman awtobuslary we taksileri Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokar hilli we medeniýetli hyzmaty üpjün edýärler.
“Akylly jaý” tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary we 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.
Arkadag şäherinde bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi döredildi, Köpugurly sport toplumy we Sport merkezi 10 müň orunlyk stadion guruldy.
Arkadag şäheriniň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we desgalaryň gurluşygynda ýaş nesli terbiýelemäge, olara bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berlendigini bellemek gerek.
Arkadag şäherinde gurlan ugurdaş desgalar bu möhüm ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmegi esasy ugur edinýär. Şol desgalaryň hatarynda, mekdep ýaşyna çenli edaralaryň 10-sy bar. Hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň her birinde körpeleriň özlerini gowy duýmaklary üçin ähli amatly şertler döredildi.
Bu ugurdaky işler ýurdumyzy sanlylaşdyrmaga we netijede ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermäge kömek edýär. Bizelere şeýle ajap we döwrana durmuşda ýaşamaga peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Röwşanowa Ýulduzhan