BIZE YAZYARLAR

Skripkanyň watany-Merkezi Aziýa

  Garaşsyzlyk  bize- türkmen  halkyna  öz  ölmez-ýitmez  taryhyny  gaýtadan  öwrenmäge,  ony  täzeden  ýazmaga,  ondaky  nämälim  sahypalary  anyklamaga,  şanly  geçmişimizi  dikeltmäge  mümkinçilik  berdi.

  Bäş  müň  ýyllyk  taryhy  bolan  türkmen  halkynyň  geçmişindäki  şöhratly  taryhyny,  belent  derejesini  gaýtadan  dikeltmek  bilen,  türkmen  milletiniň,  döwletiniň  ýoluny  gadymy  ata-babalarymyzdan-Oguzhandan, Gorkut  atadan,  Göroglydan, Magtymgulydan  we  beýleki  şöhratly  soltanlarymyzdan  gaýdýan  akaba-ýoluna  saldy.

 Türkmen  sazynyň  taryhyna  täzeçe  göz  bilen  seretmek,  aňyýetimiziň  gözýetimi  bilen  has  çuňrak  gatlaklaryna  aralaşmagy  özümize  maksat  edindik.

  Türkmen  sazynyň  gadymydygy  hakynda  dünýä  belli  alymlar,  sazşynaslar,  syýahatçylar  kän  ýazdylar.  Türkmen  sazy  asyrlaryň  jümmüşinden  dilden-dile,  halypadan-şägirde,  durmuşyň  eleginden geçip  sünnälenip  şu  günlerimize  gelip  ýetipdir.  Türkmenistan  Gündogar  bilen  Günbatary  birleşdirýän  köpri  bolup,  Beýik  Ýüpek  ýolunyň  çatrygynda  ýerleşipdir.  Türkmen  halkynyň  geçmişinde  ýaşan  ýerleri  juda  giň  bolup,  onuň  bir  ýany  Hytaýa,  bir  ýany  Kiçi  Aziýa, Yraga,  Müsüre, Demirgazygy  Orsýetiň  giňişliklerine, Günortasy  bolsa  Hindistana  çenli  uzalypdyr.  Türkmen  adamsynyň  yzlaryny  uzak  Sibirde-de, Hytaýda-da, Hindistanda-da,  arap  ýurtlarynda-da, Ýewropada-da, Orsýetde-de, Kawkazda-da  görmek bolýar.  Şol  yzlar  diňe  hökmürowanlyk,  ykdysady,  dini,  ylmy  yzlar  bolmak  bilen  çäklenmän,  eýsem,  saz  babatda-da  galdyrylan  yzlar  diýip  çekinmän  aýtsa  bolar.

      Şeýlelikde,  türkmen  medeniýeti,  şol  sanda  sazy,  türkmen  sungaty  hem  gadymyýetde  diňe  bir  öz  içki  özgerişikleriniň  hasabyna  baýlaşman,  ol  şu  giňişliklerde  ýaşan  halklaryň  medeniýetiniň,  sazynyň  hasabyna  baýlaşandyr  diýmäge  doly  esas  bar.  Sebäbi  ylym,  edebiýat,  şekillendiriş  sungaty,  binagärlik,  saz  sungaty  bular  biri-birinden  üzňe  ýaşap  bilenok.  Döredijilik  adamsy  bir  zat  döredýän  bolsa,  ilkibada  öňküleriň  goýup  giden  mirasyndan  habardar  bolmaly.  Şeýdilende   eser  milli  akabalara  laýyk  bolýar.  Gadymyýetde  türkmeniň  ylmy,  edebiýaty,  şekillendiriş  sungaty,  binagärligi, şol  sanda  sazy-da  hindi,  grek,  hytaý  medeniýetleriniň  täsiri  astyna  bolupdyr.

       Näme  üçin  Kawkazda  ýörgünli  bolan  syhalyp  çalynýan  gurala  kemençe  diýip  at  goýlupdyr?  Sebäbi  kemençe  sözi  keman (ýaý)  sözünden  bolup,  ýagny  keman  bilen  çalynýanlygyny  aňladypdyr.  Ýöne  keman  diýen  ýaýlar  adam  boýuçarak  bolupdyr.  Nädip  şonuň  ýaly  äpet  zat  bilen  gyjak (kemençe)  çalnypdyr  diýen  sowal  döräp,  elbetde,  çalynmaz  diýen  kesgitli  jogap  berler.  Şonuň  üçin  ata-babalarymyz  kemana  meňzeş  kiçijik  ýaý  (keman)  ýasap,  onuň  adyna  “kemençe”  diýip  at  dakypdyrlar.  Ýagny  “keman”  sözüniň  yzyna  “çe”  goşulmasyny  goşup,  “kemençe”  sözüni  emele  getiripdirler.  Şol  kiçijik  kemençe-syhawaç  bilen  guraly  owazlandyryp  bilipdirler.  Häzirki  zaman  gyjaklaram,  kemençelerem  gözbaşyny  şol  gadymyýetden  alyp  gaýdýan  kemençe (syhawaç)  bilen  çalnyp  gelinýär.  Häzirki  döwürde  käbir  saz  öwrenijiler,  sazşynaslar  metbugat  sahypalarynda,  teleýaýlymlaryndaky  çykyşlarynda  syhawaja  “näz  eder”  diýip  at  dakyp  ýörenlerem  bar.  Näme,  gyjak  ýa-da  kemençe  guraly  diňe  näz  edýärmi?  Gyjak,  kemençe  gurallary  gerek  bolsa  gaharlam,  şadyýanam,  tukadam,  joşgunly-göçgünlem  bolup  bilýär.  Bu  gurallarda  dürli  häsiýetdäki  owazlary  almak  sazandanyň  ussatlygyna-da  baglydyr.  Şeýlelik  bilen,  türkmen  agaň  tapan  kemany  we  hakyky  tutulmaly  edebi  türkmen  ady,  kemençe  ady  gör  nirelerde  mesgen  tutupdyr. 

      Gyjak,  edil  beýleki  milli  saz  guarllarymyz  ýaly,  sazandalaryň  iň  söýgüli  gurallarynyň  biridir.  Syhalyp  çalynýan  gurallar  diňe  türkmenlerde  däl,  eýsem  özbeklerde,  täjiklerde,  uýgurlarda-gyjak,  azerbaýjanlarda,  ermenilerde-  kemança,  garagalpaklarda-gyrjak, kobyz,  gyrgyzlarda-kyýak, gazaklarda-kobuz,  dagly  Alaý  ülkesinde- ikili  diýen  at  bilen  ýörgünlidir.  Belli  türkmen  alymy  sazşynas Ş.Gullyýewiň  “Türkmen  saz  (miras)”  kitabynda  ýazmagyna  görä,  “gyjak  sözüniň  emele  gelşi  dogrusynda  Fazlallah  Raşid  ad-Diniň”  “Oguznamasyna”  we  Abdulgazy  Bahadur  hanyň  “Şejere-ýi  terakime”   işlerine  salgylanyp,  rowaýata  görä,  gypjak  tiresiniň  adynyň  adybir  türk  sözünden  guran  agajyň  köwegi  diýmekdir  diýip  belleýär.  Gyjak  guraly  “gypjak”  agajyny  ýatladyp,  belki-de,  soňra  “gyjak”  bolandyr-diýýär”.  Dogurdanam, käbir  syhalyp  çalynýan  saz  gurallary,  garagalpagyň-gyrjak,  kobyz,  gyrgyzyň-kyýak,  gazagyň- kobuz  gurallary  şol  “guran  agajyň  köwegini”  ýatlatmanam  duranok.  Elbetde, ýokarda  agzalyp  geçilen  çaklamalar  ylym  dolanyşygynda  bolmaga  haklydyrlar.  Emma  muňa  garamazdan,  “gyjak”  sözüniň  döremegindäki  Ş.Gullyýewiň  öňe  sürýän  çaklamasyny  goldasymyz  gelýär.  Onuň  ýazmagyna  görä,  “Biz  öz  gezegimizde  “gyjak” (türkm. “gyjak”, özb. “gižžak”)  sözüniň  başgaça  çaklamasyny  öňe  sürýäris.  Şeýlelikde,  “gyjak”, “gyjyklamak”  diýen  sözler  şondan  emele  gelipdir”, -diýip  ýazýar.  “Özbek  dilinde-de  “gižžillamok”  sözi  biziňkä  meňzeş  sürtülme  manysyndadyr.  Ruslaryň  häzirki  zaman  syhalyp  çalynýan  skripka  guralynyň  adam “скрипеть”-“jygyldamak” sözünden,  edil  şunuň  ýaly  dörändir  diýmek  bolar” –diýip  ýazýar.  Biz  türkmenlerde-gyjak,  özbeklerde-gižžäk,  garagalpaklarda-gyrjak,  täjiklerde-gižžäk,  uýgurlarda-gijäk  diýlip,  hemmesiniň  adynda  “gyj”, “gižž”, “gyr”, “gij”  diýen  öňünden  gelýän  bogunlarynyň  bardygyny  görýäris. 

       1973-nji  ýylda  çap  bolan  “Музыка  народов  Азии  и  Африки”  kitabynda  belli  nemes  alymy  Werner Bahmanyň  “Среднеазиатские источники  о  родине  смычковых  инструментов” diýen  makalasy  ýerleşdirilipdir.  Şol  makalada  şeýle  setirler  bar:  “Birinjiden:  syhalyp  çalynýan  gurallaryň  içinde  rebab  görnüşli  guralyň  ilkinji  gezek Orta Aziýadan  çykan  awtorlaryň  işlerine  agzalyp  geçilmegi  hakykatdyr: al-Faraby  Wasujede  (Transoksaniýe) doglup,  bilimini  Horasanda  alypdyr; Ibn-Sina  Buharanyň  golaýyndaky  Afşanada  doglan; Muhammet  Ibn-Ahmed  al-Horezmi  asly  Horezmden,  özüniň  Mafatih  al-ulum  ensiklopediýasynda  rebaby  hem  agzamak  bilen, bu  guralyň  Farsda  (Parsiýada)  we  Horasanda  ýörgünli  bolanyny  ýatladýar.  Häzirki  Owganystanyň çäklerinde  gabat  gelýän  Gaznada-da  X we XI  asyryň  aralygynda  ulanylandygyna  doly  esas  bar. Pars ýazyjysy  Ibn-Horradadbeh, al-Horezmi  ýaly  ülkäniň  iň  uzak  ýerlerinde  bolmak  bilen,  Gündogaryň  dürli  ýurtlarynyň  saz  gurallarynyň  sanawynda  iki  kirişli  (watar)  adyny  ýatlaýar”.  Ýene-de  şol  ýerde “Horezmiň  üýtgeşik  çalyş  usulynyň  bardygy  dogrusynda  al-Makdizide  aýdylyşyna  görä,  bu  usuly  arap  ýazyjylaryna  asla  nämälimligi  sebäpli,  gyzyklanma  döredipdir”  diýip  belleýär. Ýene-de  kitapda has  gymmatly  delil  bar:  “Zenan  sazanda  gyzlaryň  biri  elinde  gitara  meňzeş  guraly saklap  dur,  bu  bolsa  morfologik  taýdan  Wizantiýanyň  X we XI  asyrlaryndaky  syhalyp  çalynýan  gurallarynyň  irkileri  bilen  hut  meňzeşliginiň  bardygyny  aňladýar”.  Diýmek, al-Farabynyň, Ibn-Sinanyň, al-Horeminiň  döwürlerinde  rebab,  watar,  şeýle  hem  gitara  sypatly  syhalyp  çalynýan  gurallaryň  bolandygy  hakdaky   ýokarda  agzalyp  geçilen  deliller  doly  esas  berýär.  Şu aýdylanlardan  ugur  alyp,  Türkmenistanyň  şol  döwürdäki  giňişliklerinde dürli  görnüşli  rebabyň,  kemençäniň,  gyjagyň,  wataryň,  gitara  sypatly  syhalyp  çalynýan  saz  gurallarynyň  bolandygyna,  käbirleriniň  bolsa  biziň  günlerimize  gelip  ýetendigine  doly  göz  ýetirýäris.

         Syhawaçly  çalynýan  türkmen  saz  gurallary  Ýewropa  haçan  barypdyr?  Olaryň  haýsy  görnüşi  özüne  Ýewropany  mekan   tutunypdyr?  Bu  sowala  belli  rus  kompozitory  M.Çulakiniň  “Инструменты  симфонического  оркестра”  atly  kitabynda  şeýle  maglumat  berilýär: “Syhalyp  çalynýan  gurallaryň  wagtyny  kesgitlemek  kyn. Çaklamalara  görä,  olaryň  dörän  ýeri  Gündogar  bolup,  arap  sazandalary  tarapyndan  VIII  asyrda  Ispaniýa  rebab  bilen  kemençe  getirilipdir. Ýöne  şol  bir  wagtda  VIII  asyrda-da  5  kirişli  krotta  atly  syhalyp  çalynýan gural  hem  ýörgünli  bolupdyr.  Gadymy  syhalyp  çalynýan  gurallar  perdesiz  bolupdyr.  Perdeler  diňe  XIV  asyrda  lýutnýanyň  (udyň)  ýaýramagy  bilen  döredilipdir,  lýutnýanyň  hem  Ýewropa  araplar  tarapyndan  getirilip,  bütin  syhawaçly  gurallaryň  gurluşynda  düýpgöter  öwrülişik  edipdir”. Dogrudan  hem,  taryhçylaryň  ýazmaklaryna  görä,  Gündogardan,  has  takygy  Merkezi  Aziýadan –  Türkmenistandan  baran  syhalyp  hem  çirtilip  çalynýan  saz  gurallary  Ýewropa  ýaýramak  bilen,  ýerli  sazandalaryň,  şeýle  hem  saz  ussalarynyň  aňynda  giden  bir  öwrülişik  edipdir  diýsek,  öte  geçdigimiz  bolmaz.  Ilki  Ispaniýada, Fransiýada, Germaniýada, Polşada, Bolgariýada, Italiýada, Russiýada  we  soňra  başga  ýurtlarda   ussalar  maşgalalary  tarapyndan  gitara  meňzeş,  8-lik sanyna-suw  kädisiniň  (gadymyýetde  türkmenler  saz  gurallarynyň  dürli  görnüşlerini  kädi  ösümliginden  ýörite  usullar  boýunça  ýasapdyrlar)  şekiline  meňzeş  gurallary  ýasamaga  ykjam  girişilýär.   Gündogarda  ösýän  kädiniň  Ýewropada  ýoklugy  sebäpli,  Ýewropa  saz  ussalary  ýerli  agaçlardan  gurallaryň  8-lik  sana (suw  kädisiniň  şekiline) meňzeşini,  başgalary  armyt  miwesiniň  şekiline,  birentegini  bolsa  häzirki  gyjagyň  kädisine  meňzeşräk  dörtburç  gapyrjak  görnüşlisini  we  başga-da  ençemelerini  (ählisiniň  içi  köwük)  ýasapdyrlar.  Ýerli  sazandalar  birbada  bu  täze  guralyň  çalyş  usullaryny  bilmändirler.  Käbirleri  ony  dyzynyň  üstüne  goýup  çalsa,  käbirleri  döşe  diräp  çalmak  usulyny,  başgalary  egne  goýup  çalmak  usullaryny  tapypdyrlar.  Şeýlelik  bilen,  sazandalaryň  kömegi  bilen  dürli  görnüşdäki  çalyş  usullary  bilen bir hatarda  ses  aýratynlygyny-da  barlap,  synap  görüpdirler,  halka  çykaryp,  halkyň  isleglerini  öwrenipdirler.  Kem-kemden  ussalaryň  ussatlyk  derejesiniň  kämilleşmegi,  sazandalaryň  hem  ýerine  ýetirijilik  ussatlygynyň  ösmegi,  diňleýjileriň  we  saz  janköýerleriniň  islegleriniň  artmagy  netijesinde  ussalaryň  öňünde  täze  talaplary  keserdip  goýupdyrlar.

       Şeýlelik  bilen,  XVI  asyryň  başlarynda  skripka  guraly,  soňra  bolsa  göwrümi  boýunça  ulurak  daşky  sypatlary  boýunça  meňzeşräk  skripka  maşgalasyndan  ybarat  (alt,  wiolonçel,  kontrabas)  gurallary  ýasap,  gurallaryň  gurluşynda,  üç  tardan-kirişden  (tar  bilen  kirişiň  arasynda  tapawut  bar-tar   bitewi  zatdan,  kiriş  bolsa  işilen  zatdan  edilýär)  dört  tara-kirişe  geçmek   (skripkalar  maşgalasyndaky  gurallarda  tar  hem  kiriş  bilelikde  ulanylýar)  tarlaryň-kirişleriň  özara  aralyk  kwarta  düzgüninden  kwinta  düzgüne  geçmek,  tarlaryň-kirişleriň  inçe-ýogynlygyna,  içegeden  taýýarlanyşyna  iňňän  ähmiýet  bermek,  ses  belentligini  anyklap,  bir  üýtgewsiz  düzgüne  salmak  bilen  bir  biçüwde-galypda  diýen  ýaly  syhalyp  çalynýan  gurallaryny  ýasamak  ýola  goýlupdyr. Tehniki,  ses we daş  görnüşiniň  giňemegi,  täze  owaz  alyş  usullarynyň-kakuwlarynyň  tapylmagy,  egne  goýup  çalmagyň  has  ýörgünli  bolmagy,  ussalaryň  at-abraýynyň  artmagy,  dürli  ussaçylyk  mekdepleriniň  döremegi  netijesinde: ispanlarda-wýelle,  italýanlarda-wiolino, fransuzlarda-wiolon, germanlarda-wioline, geýje, bolgarlarda-gadulka, polýaklarda-mazanki, komi  halkynda-sigudek, ruslarda  ilkibada-gudok,  soňra  bolsa- skripka  ady  bilen  atlandyrylan  saz  gurallaryny  ýasamak  doly  ýola  goýlupdyr.  Ýewropada  iň  oňat  syhalyp  çalynýan  skripkalary  we  başga-da  skripka  maşgalasyna  degişli  gurallary ýasamakda  italýan  ussalary  meşhurlyk  gazanypdyrlar.

        Italiýada,  esasanam,  iki  sany  ussaçylyk  mekdebi  belli  bolupdyr.  Olardan  Breşiýan  mekdebiniň  düýbüni  tutujylar  Gasparo  da Salo  we  Paolo Majini, Kremon  mekdebiniň  atasy  Andrea  Amati.  Iki  mekdebem  bir  döwürde  döräp,  iki  asyryň  dowamynda  dünýä  belli  meşhur  skripka  ussalaryndan  Andreanyň  agtygy-Nikolo Amati, Andrea  Gwarneri,  onuň  ogullary  we  ýegeni  Juzeppe  Gwarneri, Nikolo  Amatiniň  okuwçysy,  dünýäde  meşhurlaryň  meşhury  diýen  ada  mynasyp  bolan  Antonio  Stradiwari  dagylar  döräpdirler.  Antonio  uzak  ýaşap,  93  ýaşynda  aradan  çykypdyr.  Meşhur  ussa  özüniň  işeňňirligi  we  zähmetsöýerligi  bilen  tapawutlanypdyr.  Onuň  golastyndan  1000-den  gowrak,  sesiniň  we  daşky  keşbiniň  owadanlygy  bilen  töweregini  haýrana  galdyran  gurallar  çykypdyr.

      Antonio  Stradiwariniň  ýasan  gurallarynyň  hili  we  ses  aýratynlygy  boýunça,  ondan  öňe  geçen  ussa  şu  güne  çenli  ýok.  Şöhraty  dag   aşan  meşhur  ussalaryň  gurallaryna  dil  bitiren  meşhur  sazandalaram  bolupdyr.  Häzirem  şol  gurallarda  çalyp  ýören  dünýä  belli  sazandalar  bar.  Juzeppe  Gwarneriniň  ýasan  skripkalarynyň  birinde  bolsa  meşhur  Nikolo  Paganini  çalypdyr.  Häzirem  dünýäniň  köp  ýerlerinde  skripkalar  ýasalýar,  olar  hili  boýunça  erbedem  däl.  Ýöne  Amatiniň, Gwarneriniň, Stradiwariniň  gurallarynyň  hili  we  sesi  bilen  deňär  ýaly  däl.  Ýewropada  skripka  ýaly  hemme  taraplaýyn  ylmy taýdan  düýpli  öwrenilen  saz  gural  ýok  bolsa  gerek.  Skripka  guralynyň  ykbaly  bilen  gyzyklananlaryň  arasynda  dürli  hünärdäki  adamlar  bolupdyr. Olaryň  arasynda  fizikler,  matematikler,  sungaty  öwrenijiler,  saz  ussalary,  sazandalar  bolupdyr.  Olaryň  birentegi  skripkanyň  gurluşyna  kesgitleme  berse,  başga  biri  ses  akustika  aýratynlygyna,  kirişleriň  çeküwine   fiziki  taýdan  jogap  tapsa,  ussalar  haýsy  we  nähili  agaçlardan  ýasamalydygyny  maslahat  berseler,  sazandalar  amaly  tarapdan  kesgitleme  beripdirler.  Skripkalar  maşgalasynyň  tarlarynyň-kirişleriniň  düzgüni  indi  350  ýyldan  gowrak  üýtgewsiz  bir  düzgünde  çalnyp  gelinýär.  Bir  düzgünde  çalmagyň   sazanda  üçin  möhüm  ähmiýeti  bardyr.

       Her  näçe  skripka  öwrenilse-de,  guralyň  ses  täsinligi,  ýasalyş  usuly,  daşyna  çalynýan  reňkiň (lagyň),  başga-da   bir  topar  syry  açylman  nämälimligine  galýar.  Bu  syrlar,  nämälimlikler  dürli  rowaýatlara  we  ertekilere  bürenendir.  Ine,  indem  baryp  VIII  asyrda   Ispaniýa  baran  kemençäniň,  rebabyň  dürli  atlar  bilen  Ýewropada  mekan  tutup,  13  asyr  ýoly  geçip,  bu  gün  wiolino,  skripka  ady  bilen  ösen  derejä  ýetip, dünýäniň  her  künjeginde  ýaňlanýar.  Şol  ýaňlanýan  beýik  skripkanyň  owazynda  türkmeniň  kemençesiniň  (gyjagynyň)  sesi  mese-mälim  eşidilip  dur.

 Lebap welaýat  çagalar  sungat  mekdebiniň                               

mugallymy Suraý  Sardarýan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: