Ýaş skripkaçylaryň konserti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşlar döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda galkynýan, bagtyýar döwletde ýaşaýan adamlaryň kalbynda aýdym – saza goýulýan sarpa örän uludyr. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň mugallymlary N.Jumanazarowanyň L.Waliýewanyň bilelikde geçiren synp konserti munuň aýdyň subutnamasydyr. Konsertiň meýilnamasy türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň sazlaryndan düzülip, okuwçylar diýseň uly hyjuw bilen gatnaşdylar. Konsertde mugallymlar N.Zaharýans, M.Gorbunowa, D.Seýitkulyýewa sazandarlyk edip, ýaş zehinlere ýakyndan ýardam berdiler. A.Kulyýewiň “Halyçylaryň aýdymy” atly eserini Azatbek Erkinow, Ç.Nurymowyň “Biz watanyň balasy” eserini Merýem Şaddyýewa dagylar üstünlikli ýerine ýetirdiler. Türkmen halk aýdymy “Läle” Leýla Babamuradowanyň şeýle – de Ö.Gandymowyň “Nurana Diýar” atly eseri Elnara Orazowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Ukrain kompozitory A. Komarowskiniň Wariasiýalaryny 4-nji synp okuwçysy Aýlar Allaýarowa, I.Tribisiň Türkmen halk heňlerini 7-nji synp okuwçysy Firýuza Rowşanowa ýerine ýetirdiler. R.Rejepowyň “Tans” eseri Aýperi Genjimowanyň, M.Oginskiniň Polonez eseri Maýsa Kerimowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. H.Allanurowyň “Şatlyk” atly eserini Gözel Döwletowa , Ö.Gandymowyň “Oýlanma” eserini Selbi Rozyýewa ýerine ýetirdiler. Aýperi Genjimowanyň we Gözel Döwletowanyň duetiniň ýerine ýetirmeginde K.Bomyň “Dynuwsyz hereket” atly eseri ýaňlandy. we konsertiň ähli okuwçylarynyň gatnaşmagynda N.Halmämmedowyň “Türkmen sährasy” atly meşhur eseri konsertiň dabaraly jemlenmesi boldy.
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň
müdiri S.A.Sardarýan