Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň talyby, Halkara bäsleşikleriň laureaty Nargis Karimowanyň ýekelikdäki konserti geçdi. Bu konsertiň meýilnamasy özünde jemleýän eserleriň çylşyrymlylygy, täzeçilligi,özboluşlylygy bilen diňleýjileriň göwnünden turdy. Konsertiň başynda Frederik Şopeniň do diýez minor Noktýurny, soňra Antonin Dworžagyň skripka we
orkestr üçin Konserti mugallym L.Haidowanyň sazandarlygynda ýaňlandy. A.I.Haçaturýanyň “Spartak baletinden “Adažio” eseri haýal depginli bolup, akgynly, ajaýyp owazy bilen hyýallar dünýäsine
gark edýän bolsa, belli ispan skripkaçy wirtuozy, kompozitory P. de Sarasateniň “Tsapateado” atly eseri bolsa ispanlaryň çalt depginli, joşgunly halk tansynyň hereketlerini şekillendirýän elementleri
bilen göwnüňi galkyndyrýan häsiýete eýedir. Bu eserler ýerine ýetirijiden ýokary ussatlygy we dynuwsyz köpsagatly türgenleşigi talap edýär .
Soňra diňleýjileriň öňünde A.Rejepowyň Konsertino eseri we konsertiň soňunda Antonio Wiwaldiniň “Ýylyň pasyllary”atly toplumyndan “Gyş” bölümi skripkada Nargis Karimowanyň, wiolonçelde mugallym A.Jumakulyýewiň, fortepianoda L.Haidowanyň ýerine ýetirmekliginde ýaňlandy. Özüniň ýaşlygyna seretmezden öz saýlap alan kärine şeýle ussatlyk bilen çemelleşýän Nargis Karimowa sungat äleminde beýik derejelerine ýetmekligi arzuwlaýas.
Anwar JUMAKULYÝEW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy