BIZE YAZYARLAR

Skripka barada gyzykly maglumatlar

– Ilkinji  skripka  saz  guralynyň  anyk  döredilen  senesi  belli  däldir,  ýöne  onuň  XV  ýylyň  aýaklarynda  ýa-da  XVI  ýylyň  başlarynda   dörändigi  barada  takmynan  aýtsa  bolýar.  Lýutnýalary  we  wiolalary  oňarýan  ussalar, ilkinji  skripkalaryň  ussalary  hem  bolupdyrlar. Ondan  soň  skripka  ussalary  peýda  bolup  başlapdyrlar.
– Skripkanyň  şekili  XVI  asyra  kesgitlenildi. Şol  wagtda  we  XVII  asyryň  başlaryna, meşgur  skripka  ussalarynyň  maşgalasy  bolan- Amati  maşgalasy  degişlidirler. Olaryň  skripkalary  owadan  şekili  we  ajaýyp  materialy  bilen  tapawutlanypdyrlar. Italiýa  özüniň  skripka  öndürişi  bilen  tanalypdyr,  olardan  Stradiwari  we  Gwarneri  maşgalalarynyň  skripkalaryna  häzirki  wagtda  hem  uly  hormat  goýýarlar.
– Ilki  başda  skripkany  “garamaýak”-bazarlarda  çalynýan saz  gural  diýip  hasap  edipdirler  we  oňa  derek  wiola-sesi  has  mylaýym, pesräk  eşidilýän  guraly  ulanypdyrlar.  XVIII asyrda,  sazyň  konsert,  opera  sahnasyna  geçmeginde,  skripka  renessans  döwrüne  degişle  bolan  wiolany  gysyp  çykarypdyr. 
– 1750-nji  ýyla  çenli  skripkanyň  tarlaryny  taýýarlamak  üçin, goýunyň  içegesi  iň  gowy  material  bolupdyr. Içegeleri  bu  maksat  bilen  ilki  italýanlar  ulanypdyrlar.
–  Balkan  ýurtlarynda  we  Moldowada,  skripka  häzirki  wagtda  hem  halk  saz  gural  diýip  hasap  edilýär.
–  Hytaý  döwletiniň  gündogarynda  ýerleşýän  Guandžou  şäheriniň  skripkaçysy, 1 sm  uzynlykda  skripka  ýasap   täze  rekord  girizdi.  Ol  bu  skripkany  7  ýylda  ýasapdyr. 
–  Simfoniki  orkestrde  skripkanyň sany beýleki  saz gurallardan  has  köpdir.
–  Antonio Stradiwari  12  ýaşynda  tanymal  skripka  ussasy Nikola  Amatida  skripkadan  sapak  alypdyr,  eýýäm 13  ýaşynda  bolsa,  özüniň  ilkinji  skripkasyny  ýasapdyr. Iň  soňky  skripkasyny  ussa  93  ýaşynda  ýasapdyr.  Stradiwari   1500  skripka  ýasapdyr.
– Şwed  heýkeltaraşy  Lars  Widenfalk  daşdan  “Gara  jokjoky”  atly  skripkany  döredipdir.  Skripka  Stradiwariniň  skripkalarynyň  suraty  boýunça  ýasalan,  material  hökmünde  gara  diabaz  hyzmat  edipdir.  Şeýle  pikir  Widenfalka  bir  binany  uly diabaz  daşlary  bilen  bezeýän  wagty gelipdir, sebäbi çekiç we isgene  bilen  işlände  bu  daş owadan “hiňlenen” eken.
 – Mosartyň  eserleriniň  arasynda  iki  skripka  üçin  üýtgeşik  bir  dueti  bar.  Sazandalar  bir-biriniň  garşysynda  durmaly  we  notaly  kagyzy  arasynda  goýmaly.  Her  skripka  öz  partiýasyny  çalýar,  ýöne  iki  partiýa  hem  şol  bir  sahypada  ýazylan.  Sazandalar  notany  sahypanyň  dürli  künjinden  okap başlap, ortaky  böleginde  deň  gelip, ýene-de  bir-birinden  daşlaşýarlar. Netijede  owadan  heň  owazlanýar.

Ýulduz NAZAROWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň skripka hünäriniň mugallymy.