Welaýat köpugurly hassahanasynda zenan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ilat arasynda skrining barlaglarynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata paýtagtymyzdaky Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara «Ene mähri» merkeziniň lukmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda ýurdumyzda zenan saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, öňüni alyş barlaglarynyň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda lukmanlar skrining barlaglarynyň köp sanly keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga we olaryň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Maglumatlara görä, ýörite meýilnama boýunça skrining barlagyndan geçirilmeli 29 — 55 ýaş aralygyndaky 200 müňden gowrak zenanyň 176 müňe golaýy barlagdan geçirildi. Olaryň 81 müňüsinde keseller irki döwürde anyklanylyp, degişli sagaldyş çäreleri geçirildi. Lukmanlar her bir zenanyň öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşip, wagtynda öňüni alyş barlaglaryndan geçmeginiň maşgalanyň bagty we geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.
Skrining barlaglarynyň ähmiýeti düşündirildi
07
May

