Sintetiki süýümler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň yzygiderli ýagdaýda bazar ykdysadyýetine çykmagy bilen baglanyşykly dürli pudaklarda we iş ulgamlarynda iň kämil tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara derejelerine we kadalaryna laýyk getirmek babatda öňe sürlen başlangyçlary öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe-senagat toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky işjeňliginiň we ençeme geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak baradaky gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna täze itergi berdi.
Halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy hem-de dokma önümlerini öndüriji hökmünde ýurdumyz özüniň toplan tejribesini, köp pudakly milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň berýän hemmetaraplaýyn goldawy esasynda dokma pudagy ýurdumyzyň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi.
Dokma senagatynda esasy önüm süýümdir. Häzirki wagtda süýümleriň emeli usullar arkaly ýasalýar. Emeli süýümler adamlar tarapyndan himiki sintez arkaly öndürilen süýümler, ösümlikler (pagta ýaly) ýa-da haýwanlardan sütük ýaly janly organizmlerden gönüden-göni emele gelen tebigy süýümlerden tapawutlylykda, alymlar tarapyndan tebigy ýüze çykýan haýwan we ösümlik süýümlerini köpeltmek üçin geçirilen giňişleýin gözlegleriň netijesidir. Umuman, sintetiki süýümler süýüm emele getirýän materiallary egirijiler arkaly ekstrudirlemek we süýüm emele getirmek arkaly döredilýär. Bulara sintetiki ýa-da emeli süýümler diýilýär.
Ilkinji emeli süýüm baradaky üstünlikli iş 1894-nji ýylda iňlis himigi Çarlz Frederik Kross we onuň hyzmatdaşlary Edward Jon Bewan we Kleýton Beadl tarapyndan işlenip düzüldi. Süýüme “viskoza” diýip at berdiler.
Sintetiki süýümler adam tarapyndan öndürilen süýümlerdir, köpüsi çig mal nebitinden taýýarlanýar. Olar monomerler diýlip atlandyrylýan köp gaýtalanýan bölümlerden ýasalan kiçijik birlikden ýa-da polimerden durýar. Olara neýlon, akril, polietan we polipropilen degişlidir. Bu süýümleriň millionlarça tonnasy her ýyl bütin dünýäde öndürilýär. Iň köp ulanylýan sintetiki süýümler:
- Reýon. Bu agaç pulpasyndan alnan sintetiki süýümiň bir görnüşidir. Reýon matasy ýumşak, siňdiriji we amatlydyr. Ony dürli reňkde boýamak aňsatdyr.
- Neýlon. Sintetiki süýümiň bu görnüşi kömürden, suwdan we howadan alynýar. Neýlon gaty ajaýyp, ýuwmak aňsat we elastik. Çalt guradýar we görnüşini saklaýar. Neýlon awtoulaglaryň howpsuzlyk kemerlerinde, uky haltalarynda, joraplarda, ýüplerde we ş.m. ulanylýar.
- Poliester. Sintetiki süýümiň bu görnüşi kömürden, suwdan, howadan we nebitden alynýar. Poliester efir diýlip atlandyrylýan himiki birlikleriň gaýtalanmagyndan ýasalýar. Poliester ýuwmak aňsat we gyrmyzy däl we köýnek materiallaryny ýasamak üçin örän amatlydyr. Poliester arkan, tor, ýagyş palto, penjek we ş.m. ýasamakda giňden ulanylýar.
Sintetiki süýümleriň artykmaçlyktaraplaryna. Sintetiki süýümler gaty çydamly we aňsatlyk bilen gyrylmaýar, olar elastikdir we aňsatlyk bilen uzalyp bilner, güýçli we agyr ýük saklap biler. Olar ýumşak we şonuň üçin egin-eşik materiallarynda ulanylýar. Tebigy süýümler bilen deňeşdirilende arzan.
Sintetiki süýümleriň kemçilikleri bolsa, sintetiki süýümleriň köpüsi çyglylygy siňdirmeýär. Sintetiki süýüm gyzgyn suw bilen ýuwulsa täsir edip biler. Tebigy süýüm bilen deňeşdirilende aňsatlyk bilen ot alýarlar.
Türkmenistanyň Dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri onlaýn satmak üçin yzygiderli mümkinçlikler döredilýär. Dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde topluma degişli bolan kärhanalaryň resmi web saýtlary arkaly onlaýn söwdalar ýola goýlup başlady..
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dokma senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bu pudakda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, kämil önümçilik tehnologiýalaryna esaslanýan, dünýä bazarlaryna bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmeklik bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň kämil aýdyň nyşanydyr.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Kerimowa Enejan