JEMGYÝET

Singapur Özbegistanda «akylly şäheri» gurmaga gatnaşar

Ýakyn geljekde Özbegistanda ilkinji «akylly şäheriň» peýda bolmagyna garaşylýar. Bu babatda ýurduň maýagoýumlar, senagat we söwda ministri laziz Kudratow Singapuryň zähmet gorlary ministri, söwda we senagat ministriniň bolsa orunbasary Tan Si Leng bilen bolan duşuşygynda aýdyldy.

Taraplar, esasan, söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sentýabr aýynda Singapurda «Made in Uzbekistan» sergisini geçirmek bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda Özbegistanda Singapur nusgasy boýunça «akylly şäheri» gurmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Singapur tarapy bu şäheriň gurluşygynda goňşy döwlete ýardam bermäge doly taýýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: