Sežde edip, Azadynyň kesbine
Halypanyň ýoly bilen gitmek, ony begendirmek, halypasynyň mertebesini
goramak şägirdiň borjy. Halkymyzyň arasynda : “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär
ýiter” diýen pähim bar. Halypa-şägirtlik ýörelgesi Magtymguly Pyragynyň
döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar .
Kakasy Döwletmämmet Azady Magtymguly üçin görelde mekdebi bolupdyr.
Magtymguly ylym-bilim hem edebi gözleglerinde atasynyň geçen ýoluny geçipdir. Şonuň üçinem Magtymguly atamyz şygyrlarynda “halypa” sözüni ulanmaýar. Ol “halypa” sözüne derek “kämil, ussat, är” ýaly sözler ulanypdyr.
Şahyryň “Kämil tapsaň kyl gullugyn serişde” diýen goşgy setirindäki “kämil” sözi
halypa, tälim beren mollasy hökmünde getirilipdir. Dana şahyrymyz “Magtymguly, tälim algyn ussatdan” diýen şygyr setirlerini getirmek bilen, her bir şägirdiň kämil ýetişmeginde, ökde hünärli bolmagynda halypanyň ornunyň uludygy barada belläp geçýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde, onuň şygryýet dünýäsinde gözüniň
şamçyragyna deňeýän pederi Döwletmämmet Azadynyň mertebisiniň beýikdigine
göz ýetirýäris. Ol mertebe ýöne bir mertebe däl. Ol häzirki nesilleriň milli ruhda
terbiýelenmegine täsir edip biljek mertebedir. Pikir derýasynda akyl gämisini
dolandyrmakda Magtymguly Pyragynyň ilkinji basgançaklary bolan atasy
Azadynyň görnükliligi şahyryň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç geçip, kalplarymyzyň töründe ýer eýeleýär. Peder abraýyny belende göterip, oňa sylag-sarpa goýmak mukaddeslikden nyşandyr.
Azady oglunda uly we ýagty geljegi öňünden görüpdir. Ony ilki bilen, özi okadypdyr. “Ylym öwreden ussat kyblam pederdir” diýýän şahyryň kämil bilim alyp, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin atasy Döwletmämmet Azadynyň orny örän
uludyr.
Zyýada Baratowa
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyby.